- eserdeň
- 1) Aýyl-saýyl bolup duran, daýaw, iri.∙ Eserdeň, zähmetsöýer gyz gaty gynanýar. (N. Juamýew, Agtaran Tapar)2) Esewanlylyk bilen hereket edýän, ägä, hüşgär, dykgatly, gaçyrymly, seresap, ätiýaçly.∙ Nyýaz örän eserdeň we ägälik bilen maşynyny süpürdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)∙ Şol işiň özüne bolsa biz örän eserdeň daraşmaly. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Goşa gözlerini üşerdip, haýal-ýagal eserdeň hereket boluň! (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)∙ Biziň şu ýaşaýan ýerimizde, eserdeň bolmasaň, ýaşamak aňsat däl. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.